Bu dunyaden hat [.com/aydym saz sungaty ] (исполнитель: La Blaze)
Salam “kaka” size ýazdym ýatman Saňa bu dünýäden bilseň bir hat bar Gülüp seretdim gaharly seretse ykbal Adam boldym ulaldym abraýyňy ýykman Özüme dözmedim kynçylygy ezdim Göýä bir guş kimin köp ýerleri gezdim Bilýän nire gitsemem sen bardyň arkada Çydanymy sen gördüň durmuş atly şarpyga Gideniňe 17 ýyl geçdi köp zatlar üýtgedi Öňki ýaly döwür ýok üýtgedi düýpgöter Şondada şükürüm kän sygynýan Allama Ejemiň azaplary ýetirdi bizi kemala Indi-indiler maşgalam gally aýaga Gahar gurşady meni öwrüldim ýaraga Käte ok ýaly setirmi ýazdym men notalara Käte dünýä sygmadym çykdym ýodalara Gaýtalamak: Gamly gözlerim bilen seredýän geçenlere Unudamok,ýatlaýan gidenleri Asmandabir yaşaýyş bakymy? Gerekli wagty durmuş aldy kakamy Gussaly men seredýän geçenlere Unudamok ýatlaýan gidenleri Bilemok saňa azan hatym bardymy? Asmandabir ýaşaýyş bakymy? “Kaka” saňa aýtjak gowy habarym bar Arada jigim boldy seň adyňy goýdular Men okuwdadym o wagt eşdip gaty begendim Seniň ýaly sylanýan adam bolar ulalyp Ejemiň begenjinden gözünde köpeldi nur Allahym bizede kömegiň ýetirip dur Eden yalnyş işlermi düzetmäge kömek et Senden başga kömek edip biljekleri göremok Bilseňiz bul aydymlar ýöne ýere düzülenok Iliňki ýaly kynçylygym ýeke jaňa düzelenok Özüm çözmegi öwrendim gelyän kynçylyklary Daş töwerek goh dünýä gykylyklary Adamlar jetleşdi biri birine Göripligi görýän seretsem her birine Durmuş meni ulaldan, kitapsyz okadan Kaka dostlarňy tanaýansyň seredip yokardan Gaýtalamak: Gamly gözlerim bilen seredýän geçenlere Unudamok,ýatlaýan gidenleri Asmandabir yaşaýyş bakymy? Gerekli wagty durmuş aldy kakamy Gussaly men seredýän geçenlere Unudamok ýatlaýan gidenleri Bilemok saňa azan hatym bardymy? Asmandabir ýaşaýyş bakymy?