Gyzlar [Goshgy] (исполнитель: Kerim Gurbannepesow)

Gyzlar gyzlar siz dunyanin bezegi
Bu dunyaden dunya bolarmy sizsiz,
Asmanyn zeminin bar gozelligi,
Sizin gashynyzda bir agyz sozsuz 
Dyzyna chokya duz kessin.

Hachan bashlandyka sizin waspynyz
Ol waspyn oni yok gutarmaz yzam 
Sizin yaly taryp edilen daldir 
Patyshalara dal Allanyn ozem

Dunye dorap size aydylan waspyn
Munden bir bolegin aytsalar bize 
Yagny erkeklere 
Onda biz birwagt dalirap duwleship chykardyk duze

Size agachlaram gullerem ashyk 
Bagbanyn ozi ha ashyk has beter 
60danam ashan gojadyr velin 
Yzynyzdan ogryn ogryn sereder

Men gul yolsam shol bagbanyn bagyndan 
Gul aglar bagbanam tayagyn salar 
Siz yolsanyz gul bagbanyn bagyndan
Gul guler bagbanam gormedik bolar 

Siz chole barsanyz yanaklarnyzy 
Sazaklar sazakdan gabanyp ogshar
Siz derya girseniz ayaklarnyzy 
Balyklar balykdan gabanyp ogshar

Siz daga chyksanyz keyikler sizi 
Keyikmikan oydup ysgashyp oter 
Nazikler ichinde in nazigi siiiz 
Beyikler ichinde ondanam beter

Koshek gozli goyun gozli gozeller 
Gara gozli mawy gozli gozeller
Maral gozli yovy gozli gozeller
Bir birinden govy gozli gozeller

Shahyryn gashynda siz otursanyz 
Mun yyl gozun gyrpman bakmagy mumkin
Yone velin yaman goz bilen dalde 
Sizi yaman gozden saklamak uchin 

Omur boyy sizin gozlerinizden 
Goshgy okap goshgy gozleyan gozler
Birden alach tapman gyrpyldaysada 
Shohlanizden gamashyandyr gozeller.

Dine gozlerinizin shohlesi dalde 
Egin egine gelip kocha chyksanyz
On mahal yer basan ayajyklarnyz 
Shor basan kir basan ayajyklarnyz
Chop basan chor basan ayajyklarnyz
Gamashdyryp barya gozleri bugun
Kochelerden ayak deryasy akya 
Ol deryan shohlesi kan yigitleri 
Kateler budretya katede yykya 
Sizin bolsa gayta bowreginiz bokya 
Olan budreyshine gulyaniz gayta 
Wah dine yigitlen budreyshine dal 
Yerin yarygnada gulyaniz kate 

Gashymdan lowurdap siz yoreseniz 
Meni hem budredip yykmagynyz mumkin
Yone bir goshgyny menden alyn siz 
Her gezek budredip yykannyz uchin

Ayajyklarnyz wah ayajyklarnyz 
Diyip omur boyy gaytalan Pushkin
Gorayse shugunki ayajyklary 
Yorite yorite budremek uchin 
Kochelere seyle chykmagy mumkin

Kocheden lowurdap siz yoreseniz
Menin gownumede bolmagy mumkin 
Sizin ozunizem kate kateler 
Biri birinize sheyle bir ichgin 
Sheyle bir hyrydar seredyarsiniz 
Diydiryar: ozlerem ozlerne ashyk 
Sheydip gozellige bakar gozellik 
Sheydip hayran galar yashlyga yashlyk 

Sizin yzynyzdan seredip shonda 
Kijijek howsala duyyaryn kate 
Gozelligi goy synlasyn gozellik 
Emma gorasynam diyyarin kate 

Wepadar mushtakmy biwepa mushtak 
Sizin ashyklarnyz kop bolya oran 
Goran siz goran siz gozellignizi 
Her durli mushtaklan kopdigne gora 

Mushtaklan ozunin kopdigi yaly 
Olaryn gepide kop bolya oran 
Goran siz goran siz gozellignizi 
Kate gepin yone gepdigne gora 
 [bad word] yaragmy adatmy dinmi 
Gozellik yagysam kop bolyar oran,
Gozelligi baydak edip goterin 
Heniz godekligin kopdigne gora.

Shahyr ahli gozelligin dogan 
Shahyr ahli ahli godeklige yagydyr
Haysy halkda govy gyzlar kop bolsa 
Shol yerlerin shahyrlaram govydyr
Послушать/Cкачать эту песню
Mp3 320kbps на стороннем сайте

Видео к песне:
Открытка с текстом :
Удобно отправить или распечатать
Создать открытку
У нас недавно искали песни:
12 Stones Someone Like You  12 Stones Shine On Me  12 Stones Pretty Poison  Ляпис Трубецкой Золотая Антилопа  Ляпис Трубецкой Капитал  Слова песни алла  Ляпис Трубецкой Гойко Митич  Шэл бэйлэдем Шаль вязала Алсу 
О чем песня
Kerim Gurbannepesow - Gyzlar [Goshgy]?
2020 © Tekstovoi.Ru Тексты песен