Yalnyz sazanda (исполнитель: Palwan Halmyradow)
Aýlanyp saz çalýan köçeme-köçe Millet içre restoranda barlarda Ýok men mes bolamok al şerap içip Ýa minnet çekemok ynjyk ýarlardan Men gedaý, hiç kime elime seremok Men Hudaý, hiç kime edemok höküm Ýöne men saz çalýan yzyny üzmän Men saz çalýan şu dünýede parahat Çal sazyňy tarlaryňy çitikläp Çal sazyňy paýradyp gözýaşygy Goý üstüňden gülübersin süpükler Üns berme çal sazyňy ýaşlygym Millet şerap süzýär sen gözüň süzýäň Millet arabaly a sen pyýada Ýöne sen saz çalýaň yzyny üzmän Sen saz çalýaň şu gowgaly dünýäde Men dünýeden doýmadym doýurdylar deýýuslar Yşgyň täjin sypyrdylar başymdan Weýran bolmuş köne şowhunly ýurtlar Bir men galdym şol öňkije bolşumdan Barly wagtym meýlis gurdum barymdan Ýoksul wagtym ýeke teňňä geçmedim Göwherdim men gara guma gardylar Derýadym men gurap galdym çeşmedim Ýigrendiler aşa söýenim üçin Meýdimi öz yşkym bilen ýakdylar Gowgaly dünýeden gitjekdim gaçyp jennede goýbermedi sakçylar